Turkmenportal logo
04.07.2026
1584915849
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Tokioda tebigy betbagtçylyklar zerarly aragatnaşyk kesilen halatlary üçin «Starlink» enjamlary synag edilip başlandy

Tokionyň «Fire Hydrant Sign» kompaniýasy ýerasty ýangyn gidrantlarynyň görkeziji sütünlerine «Starlink» hemrasynyň internet enjamlaryny gurnamak boýunça synag işlerine başlady. Bu barada kompaniýanyň özi habar berdi.

​Ýaponiýanyň çäginde şeýle görkezijileriň 120 müňe golaýy bar. Täzelenen gurnamalary ýer titremeleri, güýçli ýagyşlar we beýleki tebigy betbagtçylyklar zerarly aragatnaşyk kesilen halatlarynda ulanmak meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, kompaniýa şäher çäreleri wagtynda bu nokatlarda mugt jemgyýetçilik Wi-Fi hyzmatyny açmagy teklip edýär.

​Gidrant görkezijileri adatça ýaşaýyş jaý toplumlarynda, söwda köçelerinde we uly awtoulag ýollarynyň ugrunda gurnalýar, ýagny aragatnaşyga iň zerur bolan ýerlerde ýerleşdirilýär. «Fire Hydrant Sign» kompaniýasy bu çemeleşmäniň täze antennalary gurmaga we ýer böleklerini satyn almaga çykdajy etmezlige mümkinçilik berýändigini belleýär.

​Taslama entek ilkinji synag tapgyrynda dur. Hünärmenler enjamlaryň işini barlamagy we olary ýurduň ähli künjeginde ulanmagyň maksadalaýyklygyna baha bermegi meýilleşdirýärler. Kompaniýa häzirki wagtda «SpaceX» bilen resmi hyzmatdaşlygyň baglaşylmandygyny düşündirdi.

​Internet elýeterliligini giňeltmek meselesi sebitiň beýleki ýurtlarynda hem gozgalýar. 2026-njy ýylyň aprelinde Günorta Koreýanyň Bilim we tehnologiýalar ministrligi ýurduň iň uly ykjam operatorlaryny müşderilere internet bukjasy gutarandan soň hem çäklendirilmedik ykjam internet elýeterliligini üpjün etmäge borçly etjekdigini mälim etdi.