Turkmenportal logo
Şu gün 12:05
20842084
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Moldawiýanyň Hökümeti işden gitdi
Surat: interfax.ru

Moldawiýanyň Hökümet başlygy Aleksandr Muntýanu iş başyndan gidýändigini yglan etdi diýip, «INTERFAX.RU» habar berdi.

«Bu gün men Premýer-ministriň wezipesindäki mandatymy tamamlaýaryn. Men bu wezipä teklibi uly jogapkärçilik duýgusy hem-de ýagdaýy gowulyga özgertmäge berk ynanjym bilen kabul etdim. Hut häzirki pursat öz ýörelgelerim we ynanjym bilen baglylykda, wezipämi ýerine ýetirip bilmejekdigime göz ýetirdim hem-de gitmek kararyna geldim» diýip, Muntýanu sosial torda ýazdy. Ol döwlet ýa-da hususy ulgamda bolsun, eýeleýän wezipesine garamazdan, mundan beýläk hem öz ýurduna gulluk etjekdigini söz berdi.

Aleksandr Muntýanu Premýer-ministriň wezipesine 2025-nji ýylyň 1-nji noýabrynda girişdi.

Soňky hepdelerde Moldawiýada Hökümetiň işinde kynçylyklar ýüze çykdy. Muňa döwlet kärhanalarynda işe ýerleşmekdäki hyýanatçylyklar, döwlet gullukçylaryna esassyz höweslendiriş sylaglary we beýleki düzgünbozmalar sebäp boldy.

Muntýanunyň Hökümeti täze Ministrler Kabineti düzülýänçä, öz wezipe borçlaryny berjaý eder.