Pakistanyň demirgazygynda kiçi ýolagçy awtobusy jülgä ýykylyp, 50 adam pida boldy, sekiz adam ýaralanyp, hassahana ýerleşdirildi.
Ýol-ulag heläkçiligi Swat okrugynda boldy. Etrabyň edarasynyň habar bermegine görä, awtobus daglyk ýerde jülgä gaçdy, heläk bolanlaryň arasynda aýallar we çagalar hem bar diýip, «Samaa TV» teleýaýlymyna salgylanýan «MIR 24» habar berýär.
Betbagtçylygyň bolan ýerine halas ediş toparlary we «Tiz kömek» ulaglary bardy. Işlere barmasy kyn daglyk päsgel berýär, emma halas edijiler adamlary jülgeden çykarýarlar we dessin kömek berýärler.