Hytaýa gitmek isleýän Türkmenistanyň raýatlarynyň sanynyň artmagy bilen baglanyşykly, Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy konsullyk bölüminiň kabul ediş günlerine hepdede goşmaça bir gün girizýär. Täze tertip 2026-njy ýylyň 6-njy iýulyndan 30-njy sentýabry aralygynda hereket eder.
Habarnama laýyklykda, görkezilen döwürde wiza resminamalaryny kabul etmek hepdede dört gün — duşenbe, sişenbe, penşenbe we anna günleri sagat 9:00-dan 11:30-a çenli amala aşyrylar. Taýýar resminamalar bolsa şol günlerde sagat 15:30-dan 17:00-a çenli berler.
Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň konsullyk bölümi Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýoly, jaý 45 salgysynda ýerleşýär.