Indoneziýanyň kenarlarynda güýji 6,2 bala deň ýer sarsgyny boldy diýip, Ýewropa-ortaýer deňzi seýsmologik merkezine (EMSC) salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi.
Tebigy hadysanyň merkezi ilaty 101 müň adam töweregi bolan Ternate şäherinden 115 kilometr demirgazykda hasaba alyndy, onuň ojagy 121 kilometr çuňlukda ýerleşdi. Ejir çekenler we ýykylan binalar barada habar berilmeýär.
24-nji iýun agşamy güýji 7,2 we 7,5 bala deň bolan güýçli iki ýertitreme Wenesuelada boldy. Olar soňky 100 ýyldan gowrak döwürde iň güýçli tebigy betbagtçylyk diýlip yglan edildi. Paýtagt şäher Karakasda we ştatlaryň birgideninde öýleriň köpüsi ýykyldy, Simon Boliwar adyndaky howa menziline zeper ýetdi.
Milli assambleýanyň başlygy Horhe Rodriges ýerasty sarsgynlarda 1450 adamyň (has soňky maglumatlarda pidalaryň sanynyň 2 müňden geçendigi bellenýär) pida bolandygyny, hassahanalarda 3150 adamyň bardygyny habar berdi. Gözleg-halas ediş işleri dowam edýär.