Turkmenportal logo
Şu gün 10:46
19321932
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Stambuldaky Baş konsuly Türki Döwletleri Guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşdy

2-nji iýulda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş konsuly (Stambul ş.) Owezgeldi Jumanazarow Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Ömüraliýew bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşyk Türki Döwletleri Guramasynyň Sekretariatynyň binasynda geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türki Döwletleri Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak bilen bagly meseleler boýunça pikir alyşdylar, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Söhbetdeşler Türki Döwletleri Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklap, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak maksady bilen yzygiderli gepleşikleriň we özara gatnaşyklaryň dowam etdirilmeginiň möhümdigini bellediler.