Turkmenportal logo
Şu gün 09:12
49624962
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Donald Trampy ABŞ-nyň Garaşsyzlygynyň 250 ýyllygy mynasybetli gutlady
Surat: Surat: calend.ru

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampa we ýurduň ähli halkyna ABŞ-nyň Garaşsyzlygynyň 250 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlyga ýokary baha berýändigini belläp, halklaryň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli dialogy, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin zerur tagallalary dowam etdirmäge taýýardygyny nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Donald Trampa tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.