Turkmenportal logo
Şu gün 00:28
74017401
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Duşanbede geçiriljek Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň ikinji mejlisine taýýarlyk görülýär

Türkmenistanda Täjigistanyň Duşanbe şäherinde geçiriljek Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň mejlisine taýýarlyk görülýär. Bu barada düýn sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda wise-premýer N.Atagulyýewiň hasabatynda bellenildi. 

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Duşenbe şäherinde geçiriljek geňeşiň ikinji mejlisine taýýarlyk görmegiň çäklerinde zerur işler alnyp barylýar. Işewürler geňeşiniň esasy maksady Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmekden ybaratdyr. Geňeşiň mejlisine ýurduň ministrliklerinden we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, wise-premýere Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň mejlisini geçirmek boýunça degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy.