Turkmenportal logo
Düýn 23:45
67156715
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gurbanguly Berdimuhamedow eýranly žurnalist bilen söhbetdeş boldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasyna saparynyň dowamynda Eýran tarapynyň haýyşy boýunça Eýran Yslam Respublikasynyň Tele-radio gepleşikleri baradaky guramasynyň žurnalisti Seýid Mohsen Hoseýniniň sowallaryna jogap berdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Söhbetdeşligiň barşynda häzirki wagtda hoşniýetli goňşuçylygyň, özara hormat goýmagyň we deňhukukly hyzmatdaşlygyň aýdyň nusgasy bolup durýan türkmen-eýran gatnaşyklarynyň dürli ugurlarda yzygiderli ösdürilýändigi bellenildi. Asyrlarboýy goňşy ýaşap, dostluk gatnaşyklary bilen baglanyşýan iki doganlyk halky medeni-ruhy gymmatlyklaryň umumylygy baglanyşdyrýar. Munuň özi syýasy, ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda iki dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek üçin berk binýat bolup hyzmat edýär. Bu bolsa ýurduň halkara giňişliginde alyp barýan syýasatynyň dünýäniň iri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ünsüni özüne çekýändigini görkezýär. Şeýlelikde, türkmen halkynyň Milli Lideriniň Eýranyň iri teleýaýlymynyň žurnalisti bilen söhbetdeş bolmagy ýurduň halkara abraýynyň barha belende galýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.