Turkmenportal logo
Düýn 23:35
33563356
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen pälwany Aslan Agadadaýew ýaşlaryň arasynda geçirilen Aziýa çempionatynda kümüş medal gazandy

Grek-rim göreşi boýunça türkmen pälwany Aslan Agadadaýew Taýlandyň Pattaýa şäherinde 20 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda geçirilýän Aziýa çempionatynda kümüş medala mynasyp boldy. Bu barada Bütindünýä göreş birleşigi (UWW) habar berdi.

Agadadaýew 130 kilograma çenli agram derejesinde çykyş etdi. Ol final tutluşygynda eýranly pälwan Amirhusseýn Morad Abdelwaliden asgyn geldi.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň ýygyndysy ýaryşda ýene-de iki medal gazandy. Grek-rim göreşi boýunça pälwan Mämmet Kulyýew 15 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda geçirilen çempionatda 68 kilograma çenli agram derejesinde bürünç medaly eýeledi. Şol bir ýaş toparynda erkin göreş boýunça çykyş eden Ybraýym Durdyýew bolsa 38 kilograma çenli agram derejesinde kümüş medal gazandy.

Çempionat 5-nji iýulda tamamlanar. Öňde Türkmenistanyň 20 ýaşa çenli erkin göreş boýunça ýygyndysynyň çykyşlary bar. Toparyň düzüminde Selimgeldi Amangeldiýew (57 kg çenli), Azatberdi Aşyrgulyýew (61 kg çenli), Bagtyýar Annaýew (70 kg çenli), Arslan Azymberdiýew (74 kg çenli), Watan Annaorazow (79 kg çenli), Alp Arslan Begenjow (86 kg çenli), Döwletgeldi Myradow (92 kg çenli) we Süleýman Musagulyýew (125 kg çenli) çykyş eder.