Turkmenportal logo
Düýn 23:21
66986698
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýranda ýokary derejeli gepleşikleri geçirdi

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri Eýran Yslam Respublikasyna sapary amala aşyrdy. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkiýanyň hem-de Eýranyň Yslam Şurasy Mejlisiniň Başlygy Mohammad-Bager Galibafyň arasynda ýokary derejeli gepleşikler geçirildi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Eýranda goňşy Türkmenistan bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini belledi hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň şu gezekki saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, hoşniýetli goňşuçylyk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-eýran gatnaşyklarynyň häzirki ýokary derejesini kanagatlanma bilen belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň Yslam Respublikasynyň Prezidentine iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Duşuşygyň barşynda iki ýurdy hem-de olaryň halklaryny hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň birleşdirýändigi bellenildi. Mizemez erk-islege daýanýan bu gatnaşyklar özara ynanyşykly hem-de deňhukukly hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler şu gezekki duşuşygyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläkde pugtalandyrmak üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýranyň Yslam Şurasy Mejlisiniň Başlygy Mohammad-Bager Galibaf bilen duşuşdy. Gahryman Arkadag hem-de Eýranyň kanun çykaryjy edarasynyň ýolbaşçysy parlamentara hyzmatdaşlygyny döwletara gatnaşyklarynyň möhüm bölegi hökmünde belläp, parlamentarileriň arasynda gatnaşyklary pugtalandyrmagyň, parlamentara dostluk toparlarynyň işini işjeňleşdirmegiň hem-de kanunçykaryjylyk ulgamynda yzygiderli tejribe alyşmagyň zerurdygyny bellediler.

Duşuşyklaryň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti,  Eýranyň Yslam Şurasy Mejlisiniň Başlygy birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.