Turkmenportal logo
03.07.2026
71937193
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Döwlet muzeýinde «Çagalar – nesilleriň dowamaty» atly sergi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Çagalar – nesilleriň dowamaty» atly serginiň açylyş dabarasy geçirildi.

Çärä myhman hökmünde «Mähirli zenan» hususy kärhanasynyň esaslandyryjysy we müdiri Aýna Durdylyýewa, Türkmenistanyň at gazanan artisti, «Zenan kalby» žurnalynyň bölüm redaktory Ýazgül Annaýewa, Aşgabat şäheriniň gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Dünýägözel Babagulyýewa hem-de beýleki myhmanlar gatnaşdy.

Serginiň açylyşynyň çäklerinde çaganyň türkmen maşgalasyndaky orny barada pikir alyşmalar geçirildi. Çykyşlarda terbiýe mekdebiniň enäniň aladasyndan we ata-babalaryň durmuş tejribesi bilen utgaşýan milli terbiýe ýörelgelerinden başlanýandygy bellenildi.

Çykyş edenler türkmen maşgalasynda çaganyň dünýä inmeginiň nesliň dowamatyny aňladýandygyny, şonuň üçin hem çagalaryň halkyň ösüşiniň we ýaşaýşa ukyplylygynyň ygtybarly kepili bolup durýandygyny nygtadylar.

Sergä gelenler gyzlar we oglanlar üçin milli egin-eşikler, XIX–XX asyrlara degişli eneleriň sargydy boýunça zergärler tarapyndan ýasalan çaga şaý-sepleri we doga-tumarlar, şeýle hem saglyk we bagt baradaky arzuwlary özünde jemleýän goraglyklary öz içine alýan gymmatly eksponatlar bilen tanyşdylar.

Mundan başga-da, arhiw resminamalaryndaky seýrek duş gelýän fotosuratlar arkaly türkmen çagalarynyň taryhyň dürli döwürlerindäki ýaşaýyş şertleri, oýunlary we gündelik durmuşy barada giňişleýin maglumatlar berilýär.