Türkmenistanyň küştçüleri Gyrgyzystanyň Yssyk-Köl kölüniň kenarynda 30-njy iýundan 9-njy iýula çenli Merkezi we Demirgazyk Aziýanyň oglan-gyzlarynyň arasynda geçirilýän küşt çempionatynyň rapid ýaryşynda bäş medal — iki altyn, iki kümüş we bir bürünç medal gazandy. Bu barada Türkmenistanyň Küşt federasiýasy habar berdi.
Ýaryşa sebitiň bäş ýurdundan türgenler gatnaşýar: Gazagystandan 123, Gyrgyzystandan 193, Täjigistandan 11, Özbegistandan 87 we Türkmenistandan 19 küştçi gatnaşýar. Rapid ýaryşy şweýsar ulgamy boýunça ýedi tapgyrda geçirildi. Her oýun üçin 10 minut wagt berildi we her edilen göçüm üçin goşmaça 5 sekunt goşuldy.
Altyn medallary Merýem Rüstemowa (reýtingi 1585) we Bägül Jumaýewa (reýtingi 1597) gazandy.
Kümüş medallara Annamuhammet Hommadow (reýtingi 2396) we Läle Şöhradowa (reýtingi 2153) mynasyp boldy.
Bürünç medaly bolsa Aýa Baýramowa (reýtingi 1920) eýeledi.
Ýaryşyň netijeleri Chess-Results resmi saýtynda çap edildi.