Turkmenportal logo
03.07.2026
66516651
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýurdumyzyň DIM-de türkmen-ýapon syýasy geňeşmeleri geçirildi

Düýn Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa, ýapon tarapyna bolsa Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa meseleleri boýunça Ýörite wekili Işikawa Masaki ýolbaşçylyk etdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Geňeşmeleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn we sebit hyzmatdaşlygynyň giň ugurlaryny jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» dialogynyň çäklerinde amaly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn üns berildi. Şeýle hem ýokary derejeli duşuşyklaryň we sammitleriň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň möhümdigi bellenildi.

Diplomatlar iki ýurduň parlament agzalarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary netijeliligini belläp, parlamentara dostluk toparlarynyň utgaşdyryjy ornuna ýokary baha berdiler.

Bilelikdäki maýa goýum taslamalarynyň ýerine ýetirilişine seredilende, duşuşyga gatnaşyjylar gazhimiýa senagaty, energetika, ulag-logistika ulgamy ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň ýokary depginde ösdürilýändigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, ykdysadyýetiň ileri tutulýan pudaklarynda hyzmatdaşlygy ilerletmekde Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen ykdysady hyzmatdaşlyk komitetleriniň işiniň möhüm ähmiýete eýedigi aýratyn nygtaldy.

Ynsanperwer hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşylanda, taraplar ylym we bilim ulgamlarynda netijeli alyşmalary dowam etdirmegi, Türkmenistanda ýapon dilini öwrenmäge gönükdirilen maksatnamalary goldamagy, şeýle hem iki ýurduň halklarynyň arasyndaky medeni dialogy mundan beýläk-de giňeltmegi goldadylar.

Taraplar strategik hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassyklap, daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky yzygiderli geňeşmeleriň özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň netijeli gurallarynyň biridigini bellediler.

Ýurdumyzyň DIM-de türkmen-ýapon syýasy geňeşmeleri geçirildi | Turkmenportal.com