Tailandda haýwanlaryň saklawhanasyndan gaçan 100 maýmyny gözleýärler diýip, UPI neşiri ýazýar.
Ýurduň Lopburi şäherindäki ýerden gaçan maýmynlary tutmak üçin giň gerimli işlere girişildi. Işgärlere çäkde saklanýan bir müňden gowrak maýmynyň gaçmagynyň öňüni almagyň başardandygy aýdylýar.
Şäheriň meri polisiýa we beýleki gulluklara «gaçgaklary» ilata we olaryň emlägine zyýan ýetirmänkä tiz tutmagy tabşyrdy. Lopburi uzyn guýrukly makakalaryň köp ýaşaýandygy we her ýyl geçirilýän «Monkey Buffet» festiwaly bilen meşhurdyr. Emma haýwanlaryň iýmit gözleginde adamlara hüjümleriniň artmagy bilen baglylykda, 2024-nji ýylda 2,5 müň sany maýmyn ýörite uly saklawhanalara göçürildi.