Turkmenportal logo
03.07.2026
78737873
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Arkadag şäherinde 2026-njy ýylda awtomobil ulaglary arkaly gatnadylýan ýolagçylaryň 1,1 milliona ýetmegine garaşylýar

Arkadag şäheriniň durmuş-ykdysady ösüşinde ulag we aragatnaşyk ulgamy örän möhüm orun eýeleýär. «Akylly» şäherde ekologik taýdan arassa elektrobuslaryň we elektromobilleriň hereketi ýola goýuldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, awtomobil ýolagçylary gatnatmakda we ýükleri daşamakda esasy ulag serişdesi bolup hyzmat edýär. 2026-njy ýylda awtomobil ulaglary arkaly gatnadylýan ýolagçylaryň sanynyň 1 million 120 müň adama hem-de ýükleri daşamagyň möçberiniň 40 müň tonna deň bolmagyna garaşylýar.