Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplary 29-njy iýunyndan 12-nji iýuly aralygynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Halle şäherinde ýerleşýän Martin Lýuter adyndaky Halle-Wittenberg uniwersitetinde geçirilýän hünär tejribeliginde bolýarlar. Ýewropa dilleri we edebiýaty fakultetiniň nemes dili hünärinde okaýan işjeň we zehinli talyplarynyň 15-si öz bilimlerini hem-de amaly başarnyklaryny kämilleşdirmäge mümkinçilik gazandylar. Bu barada institutyň resmi saýtynda habar berildi.
Guralýan okuw-tejribelik maksatnamasynyň esasy maksady talyplaryň nemes dili boýunça amaly ukyplaryny we pedagogik başarnyklaryny ösdürmekden ybaratdyr. Okuw döwründe talyplar jemi 72 sagatdan ybarat bolan intensiw sözleýiş tejribeligini geçýärler.
Bu bolsa olara häzirki zaman lingwistik usullary bilen ýakynlaşmaga we bilim ulgamyndaky täze amalyýetleri özleşdirmäge giň ýol açýar. Şunuň bilen birlikde, taraplaryň bilim ulgamyndaky özara amaly we ylalaşykly mümkinçilikleri geljekde bilelikdäki ylmy barlaglary alyp barmaga, professor-mugallymlaryň tejribe alşylmagyny guramaga hem-de talyplaryň akademiki mobilligini has-da ýokary derejä çykarmaga uly itergi berýär.