Şotlandiýada talaňçy dükandan oljasyz gitmeli boldy, muňa satyjylaryň onuň üstünden gülmegi sebäp boldy diýip, «Daily Mail» neşiri habar berdi.
Betpäl dükana eli ullakan aşhana pyçakly girip, işgärlere haýbat atdy we söwdadan düşen girdejini talap etdi. Satyjylar jogap ýerine gülüşdiler hem-de kassada pul ýokdugyny aýtdylar. Onsoň, talaňçy boş gitmeli boldy, emma ol çykdy-da, goňşy garbanyşhana baryp, talaňçylyk etdi. Onuň mundan öňem bir söwda nokadynda haýbat atyp, nagt pullary alandygy belli boldy.
Ogryny tussag etdiler, kazy ony üç ýyl azatlykdan mahrum etmek barada çözgüt çykardy.