Turkmenportal logo
Düýn 15:53
56015601
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Sony» kompaniýasy wideooýunlary diskde goýbermekden resmi ýüz öwürdi
Surat: gazeta.ru

«Sony Interactive Entertainment» kompaniýasy 2028-nji ýylyň ýanwaryndan «PlayStation» konsollary üçin oýunlary disklerde çap etmekden ýüz öwürýändigini yglan etdi. Bu möhletden soňra täze wideooýunlaryň ählisi diňe sanly ölçegde ýaýradylar diýlip, kompaniýanyň internet sahypasyna salgylanýan «Gazeta.ru» habar berýär.

Karar kompaniýanyň içki studiýalaryna, şeýle-de keseki neşirçilere degişlidir. Indi täze oýunlary «PlayStation Store» internet dükany, şeýle hem bölek satuw boýunça hyzmatdaşlardan satyn alyp bolar, olar oýunlary gaply nusgalary satarlar, emma onuň içinde diskleriň ýerine sanly nusgalar ýerleşdiriler.

2028-nji ýylyň ýanwaryna çenli goýberilen oýunlar öňki disk görnüşinde çap edilmegi dowam eder.

«Sony» kompaniýasynda täze oýunlaryň disk nusgalardan ýüz öwrülmegini sarp edijileriň islegleriniň üýtgemegi bilen düşündirdiler. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, ulanyjylar barha sanly satuwlary saýlaýarlar.