Turkmenportal logo
Düýn 15:13
59675967
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýaponiýada Patyşa maşgalasy barada kanuna üýtgetme kabul edildi
Surat: report.az

Ýaponiýanyň Hökümeti Patyşa öýi barada kanuna gaýtadan garamak barada kanun taslamasyny tassyklady, onda Patyşa maşgalasynyň agzalarynyň sanyny köpeltmek göz öňünde tutulýar diýip, NHK teleýaýlymy habar berdi. Düzedişleriň birine laýyklykda, zenanlar durmuşa çykanlaryndan soňra hem Patyşa maşgalasynyň agzasy derejesini saklap galýarlar. Häzirki wagtda zenanlar Patyşa maşgalasyna girmeýän erkek kişä durmuşa çykanlaryndan soňra köşgi terk edýärler.

Patyşa maşgalasy imperator Naruhitotadan we ýene 15 adamdan ybarat. Tagta mirasdüşerlik erkek ugry boýunça geçýär. Maşgalanyň diňe üç agzasynyň muňa hukugy bar.

30-njy iýunda kabul edilen üýtgetmeler 1947-nji ýylda öz derejesini ýitiren öňki 11 sany patyşa şahalaryndan gelip çykýan erkekler ugrundan nesilleri ogullyga almaga rugsat berýär. Kanun taslamada ogullyga alnanlaryň 15 ýaşdan kiçi, nikada durmadyk we perzentsiz bolmalydygy aýdylýar. Emma olar tagta eýe bolup bilmezler, muňa olaryň erkek nesilleriniň hukugy bolar diýlip, habarda bellenýär.