Turkmenportal logo
Düýn 14:39
57785778
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkiýe Bosfor we Dardanella bogazlaryndan gämi gatnawy üçin nyrhlary galdyrdy
Surat: ria.ru

Türkiýe Bosfor we Dardanella bogazlaryndan gämileriň geçmegi üçin nyrhlary 15 göterime golaý, tonna üçin 6,7 dollara çenli galdyrdy. Bu barada ýurduň Ulag we infrastruktura ministrligine salgylanýan «ria.ru» habar berýär.

Öň ministr Abdulkadyr Uraloglu deslapky hasaplamalara laýyklykda, 2025-nji ýylyň iýulyndan 2026-njy ýylyň 30-njy iýunyna çenli Türkiýäniň bu bogazlardan gämileriň geçmegi üçin 254 mln dollar, ýagny bir ýyl öňdäkiden 31 mln dollar köp girdeji gazanjakdygyny habar beripdi. Ministrligiň maglumatlaryna laýyklykda, 2025-nji ýylda Bosfordan 40 müň gämi geçdi, olaryň 70 göterimi gury ýük gämileri, konteýner daşaýjylar we tankerlerdir.

«Türk bogazlaryndan gämileriň gatnawy üçin nyrhlar her ýyl 1-nji iýuldan kesgitlenilýär. Bu ýyl nyrh bir tonna üçin 5,83 dollar bolanlygyndan 6,7 dollara çenli ýokarlandyrylýar» diýip, ministrlikde habar berdiler.