Halkara kosmos stansiýasynyň (HKS) orbitasy düzedilip, onuň beýikligi 1,9 kilometr ýokarlandyryldy. Bu barada «Roskosmos» döwlet korporasiýasy habar berdi.
Korporasiýanyň berýän maglumatyna görä, 1-nji iýulda Moskwa wagty bilen sagat 23:49-da «Progress MS-34» ýük gämisiniň hereketlendirijileri işe girizildi. Olar 567,8 sekunt işläp, 1,10 metr/sekunt ululygynda itergi döretdiler.
«Roskosmosyň» hünärmenleriniň bellemegine görä, geçirilen düzedişden soň Halkara kosmos stansiýasynyň orbitasynyň beýikligi Ýeriň üstünden 419,89 kilometre ýetdi. Bu amala aşyrylan hereket «Soýuz MS-29» kosmos gämisiniň uçurylmagynyň hem-de «Soýuz MS-28» gämisiniň Ýere gaýdyp gelme enjamynyň gondurylmagynyň öňüsyrasynda amala aşyryldy.
Häzirki wagtda Halkara kosmos stansiýasynda «Roskosmosyň» kosmonawtlary Sergeý Kud-Swerçkow (TASS agentliginiň ýörite habarçysy), Sergeý Mikaýew we Andreý Fedýaýew, NASA-nyň astronawtlary Kristofer Uilýams, Jessika Meýr we Jek Heteueý, şeýle hem Ýewropanyň kosmos agentliginiň astronawty Sofi Adeno işleýärler.