Turkmenportal logo
Düýn 13:34
53965396
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Soňky ýarym ýylda dünýäde iň hümmetlenen pul belli boldy
Surat: ria.ru

Kolumbiýanyň pesosy üstümizdäki ýylyň geçen alty aýynda amerikan dollaryna gatnaşykda iň gymmatlan pul boldy, onuň hümmedi 9,02 göterim artdy diýip, birža meýdançalarynyň maglumatlaryna salgylanýan «ria.ru» habar berdi.

Şeýle hem dollara gatnaşykda iň güýçli pullaryň bäşligine ysraýyl şekeli (6,59 göterim hümmetlenen), brazil realy (5,91%), wenger forinti (5,55%) hem-de gazak tengesi (4,22%) girdiler. Dollara dahylly gymmatlan pullaryň hataryna rus rubly hem girdi, ol ýylyň başyndan bäri 0,61 göterim berkedi.

Iň güýçden gaçan pullaryň hatarynda türk lirasy ilkinji orna çykdy, ol 7,91 göterim hümmet ýitirdi. Şri-lankanyň rupiýasy 7,81% hümmedini giderdi. Günorta Koreýanyň wonasy (7,06%), indoneziýa rupiýasy (6,67%) we rumyn täze leýi (5,74%) hümmetsizlenen pullaryň hatarynda öňdäki orunlary eýeledi.