Finlýandiýanyň «Elisa» telearagatnaşyk operatory stasionar telefon ugurlaryna hyzmaty 1-nji iýuldan bes etdi. Bu barada «Yle» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi.
Şunlukda, ýurtda simli telefon hyzmatlaryny amala aşyrýan iri operator galmady, beýleki öňdebaryjy operatorlar hem bu iş bilen meşgullanmaklaryny goýdular. Mysal üçin, «Telia» kompaniýasy stasionar ulgamdan ýüz öwürdi, 2026-njy ýylyň başynda bolsa, DNA kompaniýasy hem simli telefon müşderilerine hyzmat etmegi doly tamamlady.
Finlýandiýada stasionar aragatnaşyk esasan seýrek öý telefonlary, faks aragatnaşygy we liftlerde gepleşik enjamlary üçin peýdalanylýardy.