Turkmenportal logo
Şu gün 11:57
30413041
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«PETRONAS Çarigali (Türkmenistan)» kompaniýasy Aşgabatda boş iş ornuny yglan etdi

«PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy maliýe amallary hyzmatlary boýunça hünärmen wezipesine dalaşgärleri işe çagyrýandygyny yglan etdi. Iş orny Aşgabat şäherinde ýerleşýär.

Dalaşgärlerden buhgalter hasaba alnyşy, maliýe, ykdysadyýet, täjirçilik ýa-da şu ugurlara ýakyn hünärler boýunça ýokary bilimiň bolmagy talap edilýär. ACCA, ICAEW ýa-da MICPA ýaly halkara hünär derejelerine eýe bolmak artykmaçlyk hökmünde hasaplanar.

Dalaşgär nebitgaz pudagynda azyndan bäş ýyl iş tejribesine, şol sanda SAP ulgamynda işlemek hem-de umumykorporatiw hyzmatlar ulgamynda iş tejribesine eýe bolmalydyr.

Şeýle hem nebitgaz pudagynda buhgalter hasaba alnyşy, taslama hasaba alnyşy, kompaniýalaryň arasyndaky maliýe amallary, maliýe hasabatlylygynyň standartlary hem-de nebitgaz pudagynda gymmatlyklar zynjyryna täsir edýän faktorlar boýunça düýpli biliminiň bolmagy talap edilýär.

Dalaşgärleriň iňlis, türkmen we rus dillerini dilden hem-de ýazuwda erkin bilmegi, şeýle hem MS Office programma toplumyndan ynamly peýdalanyp bilmegi hökmany şertleriň hataryna girýär.

Bäsleşige gatnaşmak üçin sowalnamalary kompaniýanyň Aşgabatdaky ofisinden şu salgy boýunça alyp bolýar: Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, jaý 81 («B» blogy). Doldurylan sowalnamalar kompaniýanyň ofisine ýa-da recruitment.tm@petronas.com.my elektron salgysyna iberilip bilner. Elektron hatyň temasynda dalaşgäriň doly ady we ýüz tutýan wezipesi görkezilmelidir. Resminamalar bildiriş çap edilen gününden başlap iki hepdäniň dowamynda kabul edilýär.

Kompaniýanyň bellemegine görä, diňe boş iş ornunyň wezipesiniň talaplaryna doly laýyk gelýän dalaşgärler söhbetdeşlige çagyrylar.