Turkmenportal logo
Düýn 10:52
53235323
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Fransiýada Prezident saýlawlarynyň güni bellendi
Surat: gazeta.ru

Fransiýanyň täze Prezidentiniň saýlawlary 2027-nji ýylyň 18-nji apreline hem-de 2-nji maýyna bellendi. Bu barada «Le Figaro» gazeti çeşmelere salgylanyp habar berdi.

Üstümizdäki ýylyň 23-nji aprelinde Nikosiýadaky frank-kipr mekdebiniň okuwçylary bilen duşuşykda fransuz lideri Emmanuel Makron syýasatdan gitmek isleýändigini habar beripdi.