Turkmenportal logo
Düýn 10:14
62866286
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Belgiýanyň ýygyndysy goşmaça wagtda Senegaly ýeňip, dünýä çempionatynyň 1/8 finalyna çykdy

Futbol boýunça Belgiýanyň milli ýygyndysy dünýä çempionatynyň 1/16 finalynda goşmaça wagtda Senegalyň ýygyndysyndan 3:2 hasabynda üstün çykyp, ýaryşyň 1/8 finalynda oýnamaga hukuk gazandy. Duşuşyk ABŞ-nyň Sietl şäherinde geçirildi.

Belgiýanyň düzüminde Romelu Lukaku (86-njy minutda) hem-de Ýuri Tilemans (89-njy we 120+5-nji minutlarda, penaltiden) tapawutlandy. Senegalyň ýygyndysynyň gollaryny bolsa Habib Diarra (24-nji minutda) we Ismaila Sarr (51-nji minutda) geçirdi.

Futbol boýunça dünýä çempionaty ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýär. Ýaryş 19-njy iýulda tamamlanar. Häzirki dünýä çempiony Argentinanyň milli ýygyndysydyr.