Turkmenportal logo
Düýn 21:10
27902790
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklary HZG-nyň Kärdeşler arkalaşygynyň bilimi baradaky maksatnamasyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň wekilleri Italiýanyň Turin şäherinde geçirilýän Halkara Zähmet Guramasynyň Halkara Okuw Merkeziniň Kärdeşler arkalaşygynyň bilimi baradaky maksatnamasyna gatnaşýarlar.

Maksatnama Halkara Zähmet Guramasynyň Halkara Okuw Merkezi (ITCILO) hem-de HZG-niň Zähmetkeşleriň işleri boýunça býurosy (ACTRAV) tarapyndan bilelikde guralýar. Oňa Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň wekilleri gatnaşýarlar.

Maksatnamanyň esasy maksady gatnaşyjylary kärdeşler arkalaşyklarynyň bilim ulgamynda ulanylýan häzirki zaman çemeleşmeleri, innowasion okuw usullary hem-de ITCILO tarapyndan işlenip taýýarlanan okuw çözgütleri bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr.

Maksatnamanyň çäklerinde gatnaşyjylar ITCILO-nyň okuw modeli, okuw maksatnamalaryny taslamagyň häzirki zaman usullary, sanly okuw gurallary we interaktiw okatmagyň görnüşleri bilen tanyşýarlar. Şeýle hem emeli aňyň bilim ulgamynda ulanylyşy, ýolbaşçylyk ukyplaryny ösdürmek, halkara zähmet kadalary, durmuş goragy, durmuş dialogy, iş bilen üpjünçilik syýasaty hem-de gender deňligi boýunça HZG-niň tehniki maksatnamalaryna aýratyn üns berilýär. Mundan başga-da, gatnaşyjylar milli aýratynlyklary nazara alyp, okuw çözgütlerini we geljekki hereketleriň meýilnamalaryny bilelikde taýýarlamak boýunça amaly işleri ýerine ýetirýärler.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň wekilleriniň bu maksatnama gatnaşmagy öňdebaryjy halkara tejribäni öwrenmäge, hünär bilimini kämilleşdirmäge, kärdeşler arkalaşyklarynyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmaga hem-de Halkara Zähmet Guramasy bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam eder.

Maksatnamanyň dowamynda alnan bilimler we amaly tejribe Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilim işini has-da kämilleşdirmekde, häzirki zaman okuw usullaryny ornaşdyrmakda we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde netijeli peýdalanylar.