Turkmenportal logo
Şu gün 15:53
27792779
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Altynyň bahasy iýunda 12 göterim arzanlady
Surat: ru.kabar.kg

Düýn – sişenbede altyn unsiýa üçin 4 müň dollardan aşaklady we soňky sekiz aýa golaý döwürde iň pes derejä düşdi diýip, «Kazinform» agentligi habar berdi.

Altyn geçen iýunda 12 göterimden hem arzanlady. Altyn Ýakyn Gündogardaky kesgitsizlik bilen baglylykda, dört aýlap yzygiderli arzanlamagyny dowam eder diýlip garaşylýar.

Maýa goýumçylar ABŞ-nyň işlilik barada soňky aýlyk hasabatyna garaşýarlar, ol pul-karz syýasatynyň geljegi barada täze maglumatlary almaga mümkinçilik berer diýlip, habarda bellenýär.