Sungat ussatlaryndan we medeniýet işgärlerinden ybarat Türkmenistanyň wekiliýeti 24–26-njy iýunda Özbegistanyň Andižan şäherine «Türki dünýäniň medeni paýtagty – 2026» diýen derejäniň berilmegi mynasybetli guralan dabaralara we medeni çärelere gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi habar berdi.
Türkmenistanyň sungat ussatlary TÜRKSOÝ guramasyna agza ýurtlaryň Andižanda geçirilen bilelikdäki konsertinde üstünlikli çykyş etdiler. Olar türkmen halkynyň meşhur «Küştdepdi» tansyny, şeýle hem «Meleguş» aýdym-sazly tans kompozisiýasyny ýerine ýetirdiler.
Dabaralaryň jemleýji gününde TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň döredijilik toparlary üçin Andižan şäherine gezelenç guraldy.
Çeşmäniň bellemegine görä, şeýle çäreleriň geçirilmegi bir sebitde ýaşaýan halklaryň dostlukly gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrýar hem-de özara medeni hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine täze itergi berýär.