Türkmenistanyň ralli-reýd boýunça çempionaty ýurduň iň güýçli türgen awtoulag sürüjilerini bir ýere jemläp, milli awtoulag sportunyň ýokary derejede ösýändigini görkezdi. Iki gün dowam eden ýaryşlar 27–28-nji iýunda Daşoguz we Ahal welaýatlarynyň çäklerinden geçen ugurlarda geçirildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berdi.
Çempionaty Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti, Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasy, Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilelikde gurady.
Garagum sährasynyň içinden geçen ýaryşyň ugrunyň umumy uzynlygy 358 kilometre deň boldy. Ýaryşyň ugry iki sany ýokary tizlikli ýörite tapgyra bölündi. Birinji ýörite tapgyryň uzynlygy 181,32 kilometr, ikinjisiniň bolsa 61,43 kilometr boldy. Ýaryşa Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň, Içeri işler ministrliginiň we Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň toparlary gatnaşdy.
Iki günlük bäsleşigiň netijeleri boýunça umumy hasapda ýeňijiler we baýrakly orunlaryň eýeleri kesgitlenildi.
Birinji orna Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň türgeni Baýram Annagulyýew mynasyp bolup, ol Nissan Patrol awtoulagynda ýaryşyň ugruny 3 sagat 39 minut 56 sekuntda geçdi.
Çempionatyň kümüş medalyna Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň wekili Merdan Toýlyýew mynasyp boldy. Ol Nissan Patrol awtoulagynda pellehana 3 sagat 46 minut 1 sekunt netijesi bilen geldi.
Üçünji orny Ahal welaýat Polisiýa müdirliginiň işgäri Çaryýar Çaryýarow eýeledi. Ol Toyota Hilux awtoulagynda ýaryşyň aralygyny 4 sagat 2 minutda geçdi.