Turkmenportal logo
Şu gün 10:50
18081808
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Eýfel diňini ýyldyrym urdy
Surat: focus.ua

Pariždäki meşhur Eýfel diňiniň çürbaşyna ýyldyrym urdy, bu pursady şaýatlar surata düşürdiler. Ýerli habar beriş serişdeleri fransuz paýtagtynyň üstünde demiňi gysyp barýan yssydan soňra gök gübürdäp harasat gopandygyny habar berdiler. Yzysüre şähere güýçli ýagyş düşdi, adamlar asmandaky ýyldyrymlary synlamak üçin daş çykdylar.

Ýurduň departamentleriniň 30-dan gowragyna düşen harasat wagty şemalyň tizligi sagatda 104,8 kilometre deň boldy. Güýçli ýel, çabgadyr jöwenek sebäpli 63 müň öý elektrik toksuz galdy. Ýykylan agaçlardan köp awtoulaga zeper ýetdi.

Bu barada «rg.ru» habar berýär.