Ýaponiýaly alymlar adama täze diş çykarmaga mümkinçilik berjek ilkinji derman serişdesiniň kliniki synagyna girişdiler. Derman eýýäm meýletinçilerde birinji synagy geçdi, alymlar ony 2030-njy ýylda bazara goýbermegi maksat edinýärler. Bejeriş ilkinji nobatda dogabitdi dişsiz adamlara niýetlenendir, geljekde ol şikeslerdir çüýremek sebäpli dişlerini ýitiren adamlara hem kömek edip biler. Bu barada «Toregem BioPharma» (TBP) kompaniýasyna salgylanýan «Gazeta.ru» habar berýär.
Täze derman serişdesini Osakadaky Kitano lukmançylyk ylmy barlag institutynyň hünärmenleri taýýarladylar. Onuň esasynda bedeniň täze dişi kemala getirmek ukybyny çäklendirýän ulgamyň üstüni açmak durýar.
Synaglaryň ilkinji tapgyry 2024-nji ýylyň sentýabrynda Kioto unuiwersitetniň hassahanasynda geçirildi, oňa ýaşy 30-dan 65 çenli sagdyn erkekler gatnaşdy. Olaryň azyndan bir düýp dişi ýokdy. Geçirilen synaglarda täze bejerginiň howpsuzlygy barlanyldy, ol şowly geçdi, meýletinçilerde bejerginiň ýaramaz täsiri ýüze çykarylmady.
Lukmanlar geljekde tehnologiýanyň has giň gerimde, mysal üçin, kariýes, şikesler ýa-da beýleki kesellerden ýitirilen dişleri dikeltmek üçin peýdalanyp boljakdygyna umyt edýärler. Emma hünärmenler dermanyň täsirliligi barada gürrüň ederden heniz irdigini belleýärler. Sebäbi synaglaryň birinji tapgyrynyň doly jemleri heniz ylmy žurnallarda çap edilmändir, dermanyň adamlarda doly bahaly diş çykarmak ukyby-da heniz tassyklananok. Onsoňam alymlara täze dişleriň dogry çykmagy, kadaly tagam duýşy eleme getirmegi we nerwlerdir gan damarlary bilen doly bahaly birleşmegi ýaly meseleleri anyklamak gerek.