Turkmenportal logo
Şu gün 10:30
991991
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
4-nji iýulda Aşgabatda eko-festiwal geçiriler

4-nji iýulda Aşgabatda ekologiýa medeniýetini ösdürmäge hem-de durnukly ösüşe bagyşlanan «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwal geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň resmi web sahypasynda habar berilýär.

Çäre 16:00-dan 19:00-a çenli aralygynda geçiriler. Guramaçylaryň habar bermegine görä, festiwalyň dowamynda gatnaşyjylar üçin janly aýdym-sazlar, çagalar we ulular üçin gyzykly eko-oýunlar, STEM okuw meýdançalary hem-de çeperçilik boýunça ýörite ussatlyk sapaklary guralar.

Ekologik taýdan arassa gurşawy emele getirmek we durnukly sarp ediş medeniýetini goldamak maksady bilen, çärä geljek myhmanlardan özleri bilen plastik çüýşe ýa-da ulanmaýan, beýlekiler bilen çalşyp biljek köne egin-eşiklerini getirmekleri haýyş edilýär. 

Çäräniň dowamynda işjeňlik görkezenlere «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy hem-de çäräniň hemaýatkärleri tarapyndan taýýarlanan ýadygärlik sowgatlar gowşurylar.

Çäräniň geçiriljek ýeri: «Aşgabat» söwda-dynç alyş merkezi, blok «C», 1-nji gat, «Bilelik Hub» döredijilik merkezi. 

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +(993 64) 26-84-32.