Turkmenportal logo
Şu gün 10:25
10241024
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Amerikaly zenanyň 32 ýaşly totuguşy dünýäde iň garry diýlip ykrar edildi
Surat: gazeta.ru

ABŞ-da Spudls lakamly buýra öý totuguşy bu görnüşiň häzirki ýaşap ýörenleriniň arasynda iň garrysy diýlip yglan edildi. Rekord hasaba alnan wagty onuň 32 ýyl we 86 gün ýaşandygy belli boldy diýip, UPI neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.

Eýesi Günorta Karolinadan Amanda Bet totuguşy 1997-nji ýylda ejesiniň sowgat berendigini gürrüň berýär, şol wagt ol üç ýaşynda ekeni. «Men totuguşymyň hal-ýagdaýyny soranlarynda, onuň henizem diridigi barada degişme bilen jogap berýärin, onsoň ony naharlamakdan başga çäräm galmaýar» diýip, Amanda gülýär. Onuň sözlerine görä, soňky ýyllar guş az gürleýär, emma her gün irden daş-töweregindäkilere «Owadanja guşjagaz» diýen sözler bilen salam berýär.

Öý şertlerinde totuguşlaryň bu görnüşi adatça 15-den 20 ýyla çenli ýaşaýarlar, şonuň üçin Spudlsyň ýaşy olaryň ortaça ýaşyndan iki esse kän diýlip, habarda bellenýär.