Turkmenportal logo
Şu gün 10:13
10801080
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Szinpin Hytaý bilen Belarussiýanyň dostlugyna ýokary baha berdi
Surat: rbc.ru

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Belarussiýanyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko bilen gepleşikleriň barşynda iki ýurduň arasyndaky dostlugyň berkändigini aýtdy diýip, «INTERFAX.RU» habar berýär.

Szinpiniň: «Biziň gatnaşyklarymyz halkara sarsgynlaryň islendik synagyna döz geldi hem-de ol diňe berkemek bilen» diýen sözlerini belarus lideriniň metbugat gullugy getirýär. Hytaýyň Başlygynyň sözlerine görä, iki ýurt wagt bilen aýakdaş gidip, hemişe täze netijeleri gazanýarlar, ikitaraplaýyn gatnaşyklar bolsa, taryhda iň ýokary derejä çykdy. «Halkara işleri babatda-da biz hemişe ýygjam aragatnaşykda bolýarys» diýip, Si Szinpin sözüniň üstüni ýetirdi.