Turkmenportal logo
Şu gün 07:45
972972
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Paragwaý garaşylmadyk ýagdaýda Germaniýany penaltiler tapgyrynda ýeňdi we 1/8 finala çykdy

Paragwaýyň milli ýygyndysy futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynyň 1/16 finalynda Germaniýanyň ýygyndysyny oýundan soňky penaltiler tapgyrynda ýeňip, 1/8 finala çykdy. Duşuşyk ABŞ-nyň Massaçusets ştatynyň Boston şäherinde geçirildi.

Esasy we goşmaça wagt 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy. Paragwaýyň düzüminde 42-nji minutda Hulio Ensiso tapawutlandy. Germaniýanyň goluny bolsa 54-nji minutda Kaý Hawerts geçirdi. Nemesleriň 102-nji minutda geçiren goly wideo gaýtadan görkezilişinden (VAR) soň hasaba alynmady. Penaltiler tapgyrynda Paragwaýyň futbolçylary has takyk çykyş edip, 4:3 hasabynda üstün çykdy.

Toparçalaýyn tapgyryň jemleri boýunça Germaniýa E toparçasynda birinji orny, Paragwaý bolsa D toparçasynda üçünji orny eýeledi.

Paragwaý 1/8 finalda Fransiýa bilen Şwesiýanyň arasyndaky geçiriljek oýnuň ýeňijisi bilen duşuşar. Bu oýun 1-nji iýula geçilýän gije bolar.

Paragwaýyň gatnaşmagyndaky 1/8 final duşuşygy 5-nji iýulda ABŞ-nyň Pensilwaniýa ştatynyň Filadelfiýa şäherinde geçiriler.

2026-njy ýylyň futbol boýunça Dünýä çempionaty ABŞ-da, Kanadada we Meksikada dowam edýär. Ýaryş 19-njy iýulda geçiriljek final duşuşygy bilen tamamlanar.