Turkmenportal logo
Düýn 23:47
49054905
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Arkadag şäheriniň häkimliginde «Arkadag şäheri — röwşen geljegiň aýdyň ýoly» atly dabaraly maslahat geçirildi

 

Şu gün Arkadag şäheriniň häkimliginde dabaraly maslahat geçirildi. «Arkadag şäheri — röwşen geljegiň aýdyň ýoly» atly dabaraly maslahat türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyçlary esasynda hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň parasatly baştutanlygynda döredilen Arkadag şäheriniň dabaraly açylyp ulanylmaga berilmeginiň 3 ýyllygyna bagyşlandy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, ilki bilen, bu ýerde dabara gatnaşyjylar Arkadag şäheriniň ösüşlerine bagyşlanan sergi bilen tanyşdylar.  Maslahatyň dowamynda giň gerimli çykyşlara uly orun berildi. Olarda behişdi bedewleriň asyl mekany hasaplanýan, milli binagärligiň nusgasy bilen döwrebaplygy özünde sazlaşdyran Arkadag şäheriniň 3 ýyllygynyň ýurduň syýasy-jemgyýetçilik hem-de medeni durmuşynda möhüm orna eýedigi nygtaldy. Dabaraly maslahat medeniýet we sungat ussatlaryny buýsançly aýdym-sazlary bilen utgaşyklylykda oňa gatnaşyjylarda ýakymly täsir galdyrdy.

Maslahat tamamlanandan soňra, Arkadag şäheriniň dabaraly açylyp ulanylmaga berilmeginiň 3 ýyllygy, döwrebap şäherdäki 30 müň orunlyk metjidiň halkyň haýyş-teklipleri esasynda «Arkadagyň ruhy metjidi» diýip atlandyrylmagy, şeýle hem ahally kärendeçileriň bugdaý hasylyny öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmekleri mynasybetli toý sadakasy berildi. Bu ýerde okalan aýat-töwirlerde ýurtda hajy Arkadagyň başyny başlan beýik işleriniň Arkadagly hajy Serdaryň baştutanlygynda mundan beýläk-de üstünlikli amala aşyrylmagy, Watanyň abadançylygynyň, halkyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen asylly işleriň rowaçlyklara beslenmegi Beýik Biribardan dileg edildi.