Turkmenportal logo
Düýn 19:36
34023402
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Birža söwdalarynda 58 million dollardan gowrak geleşik baglaşyldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy. Daşary ýurtly işewürler bilen baglaşylan geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 58 million 571 müň dollaryndan gowrak boldy.

Türkiýäniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň, Täjigistanyň, Ukrainanyň we Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, şeýle hem «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ECO-93 kysymly awtobenzini satyn aldylar.

Mundan başga-da, Türkiýäniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Şweýsariýanyň telekeçilerine nah ýüplük, pagta süýümi we pagta ýagy ýerlenildi.

Ýurduň işewürleri içerki bazar üçin bahasy 885 müň manatlyk nah matany satyn aldylar. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.