Braziliýanyň milli ýygyndysy futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynyň 1/16 finalynda Ýaponiýanyň ýygyndysyny 2:1 hasabynda ýeňip, 1/8 finala çykdy. Duşuşyk ABŞ-nyň Hýuston şäherinde geçirildi.
Ýeňijileriň düzüminde gollary 56-njy minutda Kazemiro we 90+6-njy minutda Gabriel Martinelli geçirdi. Ýaponiýanyň ýeke-täk goluny bolsa 20-nji minutda Kaýşu Sano tora girizdi.
Toparçalaýyn tapgyryň netijeleri boýunça Braziliýa C toparçasynda birinji orny eýeledi. Ýaponiýa bolsa F toparçasynda ikinji orny eýeläp, pleý-off tapgyryna çykdy.
Braziliýanyň ýygyndysy 1/8 finalda Norwegiýa bilen Kot-d'Iwuaryň arasyndaky oýunda ýeňiji boljak ýygyndy topar bilen duşuşar. Bu oýun 30-njy iýunda geçiriler, braziliýalylaryň gatnaşmagyndaky 1/8 final duşuşygy bolsa 5-nji iýulda bolar.
2026-njy ýylyň futbol boýunça Dünýä çempionaty ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýär. Bu ýaryşa taryhda ilkinji gezek 48 milli ýygyndy gatnaşýar. Final duşuşygy 19-njy iýulda geçiriler. Häzirki dünýä çempiony Argentinanyň milli ýygyndysydyr.
Türkmenistanda ýaşaýan janköýerler ýaryşyň ähli duşuşyklaryna Belet striming platformasy arkaly göni ýaýlymda tomaşa edip bilerler.