Turkmenportal logo
Düýn 16:08
86318631
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen-gazak söwda dolanyşygy 7 göterim artdy

2026-njy ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 180 million amerikan dollaryna deň boldy.  Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 7 göterim köpdür. Hasabat döwründe Gazagystanyň türkmen bazaryna eksporty 18,9 göterim ýokarlanyp, 114,8 million dollara ýetdi. Bu barada Gazagystanyň Söwda ministrliginiň maglumatlaryna salgylanyp, «Report» habar berdi.

Habarda bellenilişine görä, soňky bäş ýylda Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky söwda dolanyşygy iki essä golaý artyp, 530 million dollardan geçdi. Gazagystanyň önümleriniň şol döwürde Türkmenistana eksporty 50 göterime golaý ýokarlanyp, 316,3 million dollara ýetdi, Türkmenistanyň harytlarynyň Gazagystana eksporty bolsa bäş esse artyp, 215,8 million dollara çenli ýokarlandy.