Turkmenportal logo
Şu gün 16:02
32033203
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Täjigistan Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlyga ýokary baha berýär – Emomali Rahmon

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni mynasybetli gutlap, Duşenbäniň Aşgabat bilen strategik hyzmatdaşlyga ýokary baha berýändigini belledi. Bu barada TDH agentligi habar berýär.

«Biz Täjigistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gadymdan gelýän dostluga, özara düşünişmäge, hoşniýetli gatnaşyklara esaslanýan strategik hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini yzygiderli üns merkezinde saklaýandygyňyza ýokary baha berýäris. Iki ýurduň hem düýpli bähbitlerine laýyk gelýän bu gatnaşyklary has-da ösdürmek üçin bilelikdäki tagallalary dowam etdirjekdigimize ynanýaryn» — diýlip, gutlag hatynda bellenilýär.

Emomali Rahmon köp ýyllaryň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet işinde bitiren hyzmatlaryňyz Watana hem-de halka wepaly gulluk etmegiň aýdyň nusgasydyr. Siziň ýurduňyzyň okgunly durmuş-ykdysady ösüşine, onuň halkara derejede abraýynyň belende göterilmegine gönükdirilen ýadawsyz tagallalaryňyz netijesinde üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler Türkmenistanyň ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýandygynyň aýdyň güwäsidigini belledi.

Gutlagynyň ahyrynda Täjigistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglyk, türkmen halkynyň abadançylygyny we ösüşini üpjün etmegiň ýolunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Täjigistan Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlyga ýokary baha berýär – Emomali Rahmon | Turkmenportal.com