Turkmenportal logo
Şu gün 15:25
43224322
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Gazagystanyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada TDH habar berýär.

Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Gahryman Arkadagy doglan güni bilen gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, Türkmenistanyň doganlyk halkynyň abadan durmuşynyň bähbidine alyp barýan döwlet işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Şeýle hem Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Gahryman Arkadagyň iki doganlyk ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge goşýan şahsy goşandyny aýratyn belledi.

Gahryman Arkadag hoşniýetli sözler we arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Gazagystan bilen doganlyk gatnaşyklary hem-de strategik hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri özara hormat goýmaga, açyklyga hem-de dostluga esaslanýan ýokary döwlet derejesindäki syýasy dialogy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň baş şerti hökmünde belledi hem-de şunuň bilen baglylykda, ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky dostluk hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmäge goşýan şahsy goşandy üçin Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe minnetdarlygyny beýan etdi.