Turkmenportal logo
Şu gün 14:35
15511551
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Mirziýoýew: Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar täze derejä çykdy

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni mynasybetli gutlap, iki ýurduň ileri tutulýan ugurlardaky hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi. Bu barada TDH agentligi habar berýär.

«Bilelikdäki tagallalarymyzyň netijesinde söwda, senagat, ulag, energetika, suw hojalygy, medeniýet, ylym we tehnologiýalar ýaly ileri tutulýan ugurlardaky hyzmatdaşlygymyzyň mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine berk ynanýaryn» — diýlip, gutlag hatynda bellenilýär.

Şawkat Mirziýoýew soňky ýyllarda doganlyk halklarymyzyň arasyndaky hemmetaraplaýyn we uzak möhletleýin gatnaşyklaryň ähli ileri tutulýan ugurlar boýunça hil taýdan täze derejä çykandygyny belledi. Onuň nygtaýşy ýaly, ýokary derejedäki yzygiderli gatnaşyklar hem-de gazanylan ylalaşyklaryň doly durmuşa geçirilmegi iki döwletiň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyrylmagyna hyzmat edýär.

Özbegistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde Bitarap Türkmenistanyň halkara giňişligindäki abraýynyň yzygiderli ýokarlanýandygyny, onuň döredijilikli başlangyçlarynyň bolsa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýändigini aýratyn nygtady.

Gutlagynyň ahyrynda Şawkat Mirziýoýew Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we Türkmenistanyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlikleri, türkmen halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş we abadançylyk arzuw etdi.