Turkmenportal logo
Düýn 10:12
56425642
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Arkadag», «Altyn Asyr», «Ahal» we «Köpetdag» Türkmenistanyň Kubogynyň ýarym finalyna çykdylar

2026-njy ýylyň futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogynyň ýarym finalyna çykan toparlar 1/4 finalyň jogap duşuşyklarynyň netijesinde belli boldy. Duşuşyklar Aşgabat, Balkanabat we Mary şäherlerinde geçirildi.

Çärýek finalda iň ynamly çykyş eden topar «Arkadag» boldy. Ilkinji duşuşykda «Merwi» 7:0 hasabynda ýeňen ýurdumyzyň çempiony jogap oýnunda hem myhmançylykda 5:0 hasabynda üstün çykdy. Pökgüleri geçirenler: Begenç Akmämmedow (17), Didar Durdyýew (21), Daýanç Meredow (38), Baýram Ataýew (56) we Diýargylyç Orazow (62). Şeýlelikde, iki duşuşygyň jemi boýunça «Arkadag» 12:0 hasabynda ýeňiş gazandy.

«Altyn Asyr» hem çärýek finalda kynçylyk çekmedi. Ilkinji duşuşykda «Aşgabady» 6:1 hasabynda ýeňen topar jogap oýnunda hem 3:0 hasabynda üstün çykdy. Pökgüleri Bagtyýar Gürgenow (10), Weýisgeldi Orazdurdyýew (39) we Myrat Öwezmyradow (48) geçirdiler. Iki oýnuň jemi boýunça hasap 9:1 boldy.

«Ahal» bilen «Nebitçiniň» arasyndaky garşylyk has dartgynly geçdi. Wise-çempion ilkinji duşuşykda 4:2 hasabynda ýeňiş gazandy, jogap oýnunda bolsa Balkanabatda hem 5:2 hasabynda üstün çykdy. Ýeňijileriň düzüminde Süleýman Mirzoýew (3, 11) we Magtymberdi Berenow (40, 69) hersi iki pökgüden geçirdi, ýene bir pökgini Ýakupmuhammet Gowşudow (58) öz adyna ýazdyrdy. «Nebitçi» toparynda Seýitmämmet Hojamämmedow (48) we Hydyr Agöýliýew (89) tapawutlandy. Iki duşuşygyň jemi boýunça «Ahal» 9:4 hasabynda ýeňiş gazandy.

Çärýek finalyň iň çekeleşikli garşylygy «Köpetdag» bilen «Şagadamyň» arasynda boldy. Ilkinji duşuşykda myhmançylykda gazanylan 1:0 hasabyndaky ýeňiş «Köpetdaga» öz meýdançasyndaky jogap oýnunda 2:2 hasabyndaky deňlik bilen ýarym finala çykmaga mümkinçilik berdi. Jogap duşuşygynda «Köpetdagyň» pökgülerini Emir Berdiýew (22) we Musaguly Zorjykow (77) geçirdi. «Şagadamyň» oýunçylaryndan Guwanç Weliýew (43) we Resul Mahmydow (61) tapawutlandy. Şeýlelikde, iki duşuşygyň jemi boýunça «Köpetdag» 3:2 hasabynda indiki tapgyra çykdy.

«Türkmenistan; Altyn asyr» elektron neşiriniň habar bermegine görä, ýarym finalda «Ahal» – «Köpetdag» we «Altyn Asyr» – «Arkadag» jübütleri duşuşar. Ilkinji oýunlar ilki görkezilen toparlaryň meýdançasynda geçiriler. Duşuşyklaryň senesi biraz soňra mälim ediler.