Turkmenportal logo
Şu gün 10:52
36813681
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Milliarder Hartmann 92 million adamyň EA sebäpli işini ýitirjekdigini çaklaýar
Surat: gazeta.ru

Emeli aňyň ösüşi (EA) 92 million iş ornunyň ýitmegine getirer. Bu barada «Forbes» žurnalynyň sanawyna girýän milliarder Oskar Hartmann «Atlanty Siti» festiwalynda aýtdy diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.

«Togsan iki million iş orny emeli aň sebäpli ýowuz howp astynda. Biz olary ýitireris. Emma 179 million täze iş orny dörär. Olaryň haýsylardygyny heniz bilmeýäris. Özem bu birbada bolmaz. Biz olary tiz ýitirýäris, emma täze iş orunlary haýal dörär. Netijede, geçiş kynçylygy bolar» diýip, işewür nygtady.

Maýadaryň sözlerine görä, şeýle ýagdaý kompýuterler peýda bolanda hem döräpdir. Şol döwürde tutuş dünýäde täzeden hünär okatmak boýunça döwlet maksatnamalary kabul edilipdir, emma olar täsirsiz bolupdyr. Hartmann ýeke-täk çykalganyň telekeçilik käri bolup durýandygyny sözüniň üstüne goşdy.