«Zyýat Hil» konditer dükanlar zynjyry dürli görnüşli süýjülikleri we täze bişirilen çörek önümlerini hödürlemek bilen, alyjylaryny begendirmegini dowam edýär. Önümleriň hatarynda ýakymly ysly kökeler, näzik eklerler, dürli huruşly ýumşak bulkalar, şeýle hem meşhur türk süýjülikleri bar.

Alyjylaryň çaý içişlik üçin nusgawy süýjülikleri hem-de aýratyn seneler üçin özboluşly önümleri saýlap bilmekleri üçin önümleriň hersi hiline we tagamyna aýratyn üns berlip taýýarlanýar. Näzik kremli ýumşak eklerler, täze bişirilen çörek önümleri we dürli huruşly bulkalar alyjylaryň arasynda aýratyn meşhurlykdan peýdalanýar.
Gündogar süýjüliklerini söýyjiler hem özboluşly tagamy we taýýarlanyş usuly bilen tapawutlanýan türk süýjüliklerini dadyp görüp bilerler.
«Zyýat Hil» öý, iş ýeri ýa-da baýramçylyk saçagy üçin täze konditer önümlerini satyn almak isleýänlere amatly çözgütleri hödürleýär.

Müşderilere has-da amatly bolmagy üçin sargytlar her gün sagat 08:00-dan 22:45-e çenli, dynç günsüz kabul edilýär. Sargyt edilen önümleriň bahasy jemi 150 manatdan geçse, Aşgabat şäheri we Gökdepe etraby boýunça eltip bermek hyzmaty mugt amala aşyrylýar.
Şu günki günde «Zyýat Hil» däp bolan reseptleriň, döwrebap tehnologiýalaryň we ýokary derejeli hyzmatyň sazlaşygyny hödürläp, öz önümleriniň görnüşlerini has-da giňeltmegini dowam edýär.
«Zyýat Hil» dükanlarynyň ýerleşýän salgylary:
Büzmeýin etraby, Abadan şaýoly, 254-nji jaý.
Tel.: (+993 12) 35 37 13, (+993 62) 02 13 61
Garadaşaýak ýaşaýyş toplumy, «Seýran» söwda merkezi.
Tel.: (+993 12) 29 35 03, (+993 62) 02 13 62
Gurtly ýaşaýyş toplumy, 3, 1-nji gat.
Tel.: (+993 12) 97 95 06, (+993 62) 02 13 63
«Zyýat Hiliň» sosial ulgamdaky sahypasynda täzelikler, ýörite teklipler we ýakymly habarlar bilen tanşyp bilersiňiz.