Brýussel şäherinde geçirilýän Bütindünýä Gümrük Guramasynyň (BGG) Geňeşiniň sessiýalarynyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy bilen BGG-niň Baş sekretarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hem gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda esasy üns ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak hem-de Türkmenistandaky BGG-niň Sebitleýin okuw merkezini ösdürmek meselelerine gönükdirildi. Bilelikdäki bilim maksatnamalarynyň çäklerinde gazanylan möhüm netijeler bellenildi. Şeýle hem türkmen hünärmenleriniň 2025-2026-njy ýyllarda töwekgelçilikleri dolandyrmak, harytlaryň goýberiliş wagtyny ölçemek, maglumat seljermesi we gümrük amallaryny sanlylaşdyrmak boýunça ýöriteleşdirilen okuwlary üstünlikli tamamlandyklary bellenildi.
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işgärleriniň hünär derejesini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, Gullugyň wekilleriniň 2026-2027-nji okuw ýyly üçin BGG-niň Käri ösdürmek maksatnamasyna gatnaşmagyna, şol sanda gysga möhletli tejribe alyş maksatnamalaryna gatnaşmagyna gyzyklanma tassyklanyldy.