Turkmenportal logo
Şu gün 10:00
23972397
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli watandaşlaryny gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurtda giňden bellenýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Bu barada TDH habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Gutlagynda bellenilişi ýaly: «Häzirki döwürde medeniýet ulgamynda gazanylýan ösüşler jemgyýetimizde ruhy galkynyşy artdyrmaga, bagtyýar raýatlarymyzyň watansöýüjiligini ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Medeniýet we sungat işgärleriniň gününiň Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen bilelikde bellenilmegi akyldar şahyrymyzyň berkarar döwlet baradaky arzuwlarynyň häzirki ajaýyp döwrümizde hasyl bolýandygynyň, dana Pyragynyň sarpasynyň belent derejä göterilendiginiň aýdyň güwäsidir.

Balkan welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligi hem halkymyzyň köpasyrlyk däp-dessurlaryny täze öwüşginlere beslemekde, milli medeniýetimizi, sungatymyzy, edebiýatymyzy döwrebap, kämil eserler bilen baýlaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Bu bolsa halkymyzyň medeniýetini, baý medeni-taryhy mirasyny öwrenmäge, milli gymmatlyklarymyzy gorap saklamaga we medeniýetimiziň gadymy köklerini, gazananlaryny dünýä derejesinde wagyz etmäge uly ähmiýet berilýändigini aýdyň görkezýär».

Bellenilişi ýaly, Garaşsyz Türkmenistan häzirki döwürde halkara festiwallaryň, sergileriň, maslahatlaryň geçirilýän merkezine öwrülýär. Şol çärelere gatnaşýanlar milli medeniýetiň we sungatyň döwrebap ösüşleri bilen ýakyndan tanyşýarlar, medeniýet ulgamynda alnyp barylýan giň gerimli işleriň şaýady bolýarlar. Ýurduň medeniýet we sungat ussatlary, döredijilik işgärleri dünýäniň dürli döwletlerinde geçirilýän Medeniýet günlerine, beýleki halkara çärelere yzygiderli gatnaşýarlar. Şeýle hem Türkmenistanda dostlukly döwletleriň Medeniýet günleri üstünlikli geçirilýär. Bularyň ählisi dünýä halklarynyň türkmen medeniýeti, medeniýet we sungat ussatlarynyň beýleki halklaryň medeniýeti bilen içgin tanyşmaklaryna, tejribe alyşmaklaryna giň ýol açýar.

«Medeniýet we sungat bahasyna ýetip bolmajak ruhy baýlygymyzdyr. Milli mirasymyzy, gadymy gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy gorap saklamakda medeniýetiň aýratyn orny bardyr. Sungat ynsan kalbynda iň gowy häsiýetleri terbiýeleýän jadyly gudratdyr. Medeniýete, sungata, edebiýata ykbalyny baglan döredijilik işgärleriniň kämil eserleri döretmekleri üçin amatly iş şertlerini üpjün etmek biziň möhüm wezipämizdir. Geljekde-de döwletimiz tarapyndan medeniýet ulgamyny ösdürmäge, döredijilik işgärlerini höweslendirmäge, hemmetaraplaýyn goldamaga gönükdirilen işler giň gerimde alnyp barlar» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Gutlag hatynda nygtaýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli watandaşlaryny gutlady | Turkmenportal.com