Balkan welaýatynda dowam edýän Türkmenistanyň Medeniýet hepdeliginiň her güni ýatda galyjy we täsirli wakalara baý bolýar. Forumyň bäşinji gününde Türkmenbaşy etrabynyň Belek şäherçesiniň Medeniýet öýünde oba medeniýet öýleriniň işini kämilleşdirmegiň meselelerine bagyşlanan usuly maslahat geçirildi. Bu barada TDH agentligi habar berýär.
Şol ýerde milli el işleriniň hem-de usuly gollanmalaryň sergisi guraldy. Soňra duşuşyk ýurdumyzyň maşgala saz toparlarynyň çykyşlary bilen dowam etdi.

Şondan soň Balkan welaýat kitaphanasynda Magtymguly Pyragynyň, Nurmuhammet Andalypyň, Seýitnazar Seýdiniň, Mämmetweli Keminäniň, Mollanepesiň, Zeliliniň, Annagylyç Mätäjiniň we Gurbanaly Magrupynyň döredijiliginde «behişdi bedewiň» keşbine bagyşlanan edebi duşuşyk geçirildi.

Balkanabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Nebitçileriň medeniýet köşgünde Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan «Magtymguly Pyragynyň paýhas çeşmesi» atly dabaraly çäre geçirildi.
Medeniýet hepdeliginiň bäşinji günündäki çäreler Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda «Leýli we Mejnun» operasynyň görkezilmegi bilen tamamlandy.

Şeýle hem bu ýerde teatryň gazanan üstünliklerini şöhlelendirýän materiallar, sylaglar, muzeý gymmatlyklary, teatr sungatynyň görnükli ussatlaryna degişli heýkeller hem-de sahnada ulanylýan dürli bezeg we teatr serişdeleri görkezildi.